Bakuwda guralan «Zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek» atly halkara maslahat bütin dünýäde gender deňligini üpjün etmegiň ýollaryny tapmaga kömek eder. Muny Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Akjemal Durdyýewa bu maslahatda eden çykyşynda aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň esasy strategiýasy gender deňligi syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmekden ybarat diýip, «Report.az» habar berýär. Şeýle hem A.Durdyýewa zenanlaryň hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek bilen, ýurtlaryň möhüm durmuş-ykdysady ösüşe eýe boljakdygyny aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir