2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak tebigy gazy Hytaýa eksport etdi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berdi. Türkmenistan hasabat döwründe Hytaýa turbageçirijiler arkaly tebigy gazy eksport etmekde birinji, ýurduň umumy gaz importynda bolsa ikinji orundan ýer aldy. Şu ýylyň 10 aýynda umumy bahasy 8,07 milliard amerikan dollaryna barabar türkmen «mawy ýangyjy» Hytaýa iberildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2 göterim azdyr. Şeýle-de, Hytaýa turbageçirijiler arkaly tebigy gazy eksport etmekde ilkinji bäşlikden Russiýa, Maýnma, Gazagystan we Özbegistan ýaly ýurtlar ýer aldylar. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Türkmenistan — Hyatý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Dördünji gaz turbageçirijisiniň taslama kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy akdyrmaga mümkinçilik berer. Turbageçiriji «Galkynyş» ýatagyndan gözbaş alyp, Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan arkaly Hytaýa barar.