Eýran Yslam Respublikasy ýakyn dört aýyň içinde Türkmenistana söwda wekilini iberer. Bu barada Eýranyň Söwdany goldamak guramasynyň (The Trade Promotion Organization of Iran – TPOI) başlygy Mehdi Zeýgami mälim etdi diýip, «Tasnim» habar berýär. Mehdi Zeýgaminiň aýtmagyna görä, Türkmenistana Eýranyň söwda wekiliniň iberilmegi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder. «Iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek barada giňişleýin resminama işlenip taýýarlanylar» diýip, Mehdi Zeýgami sözüniň üstüni ýetirýär. Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 500 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. 2023-nji ýylda bu görkezijiniň has-da ýokarlanmagyna garaşylýar. Ozal habar berşimiz ýaly, 17 — 19-njy noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisinde umumy bahasy 1 milliard amerikan dollaryna golaý bolan birnäçe resminama gol çekilipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir