15-nji noýabrda Toyota ABŞ-da Crown Signia krossowerini resmi taýdan hödürledi we indiki ýyldan başlap kompaniýanyň model hataryndan Venza krossoweriniň aýryljakdygy belli boldy. Bu wakalaryň göni baglanyşygy bar. “Biz Venza-dan kanagatlanýardyk, eger ol Crown Signia modeline beýle ýakyn bolmadyk bolsa, biz ony hatarda saklap galardyk, ýöne olaryň ölçegleri meňzeş, auditoriýasy-da bir, şonuň üçin biz Venza-ny çykarmagy bes etdik” – diýip, Toyota North America-nyň baş menejeri Deýw Krist Automotive News çeşmesi bilen gürrüňdeşlikde belledi. Kompaniýa Crown Signia-nyň bahasyny mälim etmedi, ýöne bu modeller biri-birine örän meňzeş bolansoň, täze krossower Venza-nyň bahasynda bolup biler, bu model bolsa ABŞ-da häzir 36 – 44,5 müň dollar bilen bahalandyrylýar. Toyota-nyň Venza-nyň satuwyndan kanagatlanýandygyna garamazdan, bu modeli hit diýip atlandyrmak kyn: eger 2021-nji ýylda tas 62 müň awtoulag satylan bolsa, 2022-nji ýylda eýýäm iki esse az – takmynan, 33,7 müň birlik satyldy. 2023-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda bary-ýogy 25 müň töweregi Venza satyldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir