BMW işe girizilenden 60 ýyl soň Mýunhen zawodynda içinden ýandyrylýan hereketlendirijileriň önümçiligini bes etdi. Şeýle-de bolsa, bu içinden ýandyrylýan hereketlendirijiden düýbünden ýüz öwürmegi aňlatmaýar: BR24 neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, hereketlendirijiler Awstriýadaky we Angliýadaky zawodlarda öndürilmegini dowam etdirer. Mýunheniň zawody elektrikli awtoulag öndürmeklige ýöriteleşdiriler. Dürli döwürde zawod 4-den 12-ä çenli silindrli hereketlendirijileri ýygnady; bu ýerde ýygnalan iň soňky hereketlendiriji V8 boldy. Sekiz we 12 silindrli hereketlendirijiler indi Britaniýanyň zawodynda ýygnalar, has ykjam hereketlendirijileriň önümçiligi Awstriýa geçiriler. Önümçilikde takmynan 1,2 müň adam işledi. Olary ýa-ha elektrik ulaglaryny ýygnamaklygy öwretmek, ýa-da beýleki önümçilik desgalaryna geçirmek üçin täzeden taýýarlamak meýilleşdirilýär. Içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň önümçilik ugrunyň ýerleşýän ussahanasy täzeden enjamlaşdyrylýar, BMW muňa 400 million ýewro çenli pul sarp etmegi meýilleşdirýär. Bir gürrüňe görä, Neue Klasse platformasyna esaslanýan elektrik awtoulaglarynyň täze nesli bu ýerde ýygnalar. Mundan başga-da zawodyň çäginde akkumulýatorlaryň synag merkezi peýda bolar.