“Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony, “Mersedesiň” sürüjisi Lýuis Hemilton meşhur Fortnite wideo oýnunyň “patyşalyk söweşi” žanrynda gahryman hökmünde peýda bolar. Bu barada aif.ru habar berýär. Hödürlenen treýlerde ilki hakyky Hemilton, soňra oýun dünýäsinde onuň sanly görnüşi görkezilýär. Britaniýaly ýaryşa gatnaşyjynyň keşbini üýtgetmek mümkinçiligi satyn almak üçin 18-nji noýabrda elýeterli bolar. Hemiltondan başga-da, Fortnite oýnunda onuň buldogy Rosko peýda bolar. Belläp geçsek, “Formula-1-iň” çempiony wideo oýunda peýda bolan ýeke-täk türgen däl. Fortnite-yň gahrymanlarynyň arasynda futbolçy Neýmar, tennisçi Naomi Osaka we basketbolçy Lebron Jeýms hem bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir