Instagram sosial ulgamynyň işläp düzüjileri ulanyjylaryň mümkinçiliklerini giňeltjek täze bir aýratynlyk goşdular. Indi olar öz postlarynyň we Reels-iň auditoriýasyny diňe “ýakyn dostlar” üçin çap etmek arkaly çäklendirip bilerler. Bu barada TechCrunch habar berýär. Şeýle neşirleri döretmek üçin menýudaky “Auditoriýa” bölümini açmaly we içindäki “Ýakyn dostlar” sanawyny saýlamaly. Lentada şeýle ýazgylary ýaşyl ýyldyzyň barlygy boýunça kesgitläp bolýar. Şeýle neşirleriň we Reels-iň aşagyndaky halanmalar we teswirler saýlan sanawyňyzdaky ähli ulanyjylara görner. Neşir edilen mazmunyň ähli görnüşleri üçin ýakyn dostlaryň sanawynyň birmeňzeş boljakdygy hem mälimdir. Instagram “Ýakyn dostlar” filtrini 2018-nji ýylda hödürläpdi. Ilkibaşda ol diňe “Stories” üçin elýeterlidi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir