16-njy noýabrda Pekinde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ulag we logistika hyzmatdaşlygy baradaky kiçi komitetiň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Hytaý tarapyna ulag ministriniň orunbasary Li Ýan ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga «China Railway International Multimodal Transport Co., Ltd» we «China Road and Bridge Corporation» ýaly iri kompaniýalar hem gatnaşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulag we logistika gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depgini we iki ýurduň ulag geçelgelerini ulanyp, Merkezi Aziýanyň üsti bilen HHR-den Ýewropa eltip bermek üçin täze girdejili ugurlary ösdürmegiň mümkinçiligini öwrenmegiň ähmiýeti hakynda bellenildi. Taraplar Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny birleşdirmegi güýçlendirmek üçin iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň öňde goýan wezipelerine ygrarlydyklaryny mälim etdiler. Hususan-da, türkmen tarapy, dürli ulag görnüşlerini netijeli utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän, Türkmenistanda bar bolan terminallary we logistika merkezlerini ulanyp, üstaşyr gatnawlaryň ugurlaryny guramak üçin hytaý kompaniýalaryna amatly şertleri hödürlemäge taýýardyr. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulag we logistika hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli Teswirnamasyna gol çekildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir