Türkmenistanly türgen Baýry Baýryýew Almatyda (Gazagystan) geçirilen karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 22 ýaşly 5-nji ýyl talyby 67 kilograma çenli agramda şeýle üstünlik gazandy. Yklym ýaryşyna Germaniýa, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Kuweýt, Gyrgyzystan, Russiýa, Türkmenistan, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly 10 ýurtdan 140 töweregi türgen gatnaşdy. Belläp geçsek, şu ýylyň sentýabr aýynda Baýry Baýryýew Bütindünýä şotokan karate federasiýasynyň (WSKF) howandarlygynda Daşkentde geçirilen şotokan karate boýunça dünýä çempionatynda Open absolýut agram derejesinde ikinji orny eýeledi. Oktýabr aýynda Hançžouda (Hytaý) geçirilen Aziýa oýunlarynda karatede (WKF) türkmen sportunyň taryhynda ilkinji medal gazandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir