WBC-niň Dolandyryjylar geňeşi garyşyk başa-baş söweşiň meşhur söweşijisi Frensis Ngannuny agyr agramly söweşijileriň reýtinginiň ilkinji onlugyna goşdy. Bu barada championat.com habar berýär. “Frensis Ngannu super agyr agramda WBC-niň çempionyna garşy söweşde gowy çykyş etdi we WBC-niň Dolandyryjylar geňeşi ony super agyr agramda 10-njy belgä degişli etmek kararyna geldi” – diýlip, guramanyň beýanynda aýdylýar. Ýatlap geçsek, Frensis soňky söweşinde super agyr agramda WBC-niň dünýä çempiony Taýson Fýuri bilen duşuşdy. Söweş 28-nji oktýabrda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirildi. Tutluşyk 10 raund dowam etdi we emin agzalarynyň tapawutly karary bilen Taýsonyň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy (95-94, 95-94, 93-96). Şeýle-de bolsa, käbir hünärmenler Frensisi ýeňiji hasapladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir