2023-nji ýylyň 23 – 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek kuraş göreşi boýunça 14-nji dünýä çempionatynda gatnaşyjylaryň sanynyň rekord derejeli bolmagyna garaşylýar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” belleýär. Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň habar berşi ýaly, Hindistanyň Puna şäherinde geçirilen geçen ýylky dünýä çempionatyna 365 adam gatnaşan bolsa, öňümizdäki dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin 53 ýurtdan eýýäm 480 adam, şol sanda türgenler (241), tälimçiler, eminler we beýleki resmi şahslar ýüz tutdy. Bu görkezijiler entek gutarnykly däl, olar dünýä çempionatyna uly gyzyklanma bildirilýändigi sebäpli üýtgäp biler diýip, Türkmenistanyň Kuraş federasiýasy belledi. Türkmenistan uly göwrümli ýaryşlary ilkinji gezek kabul edenok. 2017-nji ýylda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty we “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisi geçirildi. Şu ýylyň iýun aýynda türkmen paýtagty ikinji gezek 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn birinjiligini geçirmek üçin ýer hökmünde saýlandy we oňa Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Türkmenistandan türgenler gatnaşdy. Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda Karara gol çekip, Guramaçylyk komitetini döretdi we onuň düzümini tassyklady. Dünýä çempionatynda 15 medal toplumy ugrunda göreşiler – ýedi erkekleriň we sekiz zenanlaryň agram kategoriýalarynda. Ýatlap geçek, geçen ýyl kuraş boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistana 13 türgen (7 erkek we 6 zenan) wekilçilik etdi, olardan üçüsi Watanymyza medal bilen gaýdyp geldi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir