“Made in Turkmenistan” iş portaly ýurdumyzyň dürli görnüşli ýokary hilli sarp ediş harytlarynyň öňdebaryjy öndürijilerini birleşdirýän täze onlaýn platforma boldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär. madeinturkmenistan.co.tm saýtynda ýurdumyzda öndürilýän we satylýan harytlar hem hyzmatlar barada esasy we üsti ýetirilýän maglumatlary, şol sanda olaryň halkara ülňülerine we kadalaryna laýyklygy baradaky maglumatlary saklaýan ykjam sanly katalog hödürlenýär. Platformanyň maksady kärhanalar bilen sarp edijileriň arasynda gatnaşygy ýola goýmak, şeýle-de türkmen öndürijileriniň daşary ýurt bazarlaryna çykmagydyr. Bu web-saýt iňlis, rus hem türkmen dillerinde hyzmat edýär. “Made in Turkmenistan” Türkmenistanda iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýän we täjirçilik gatnaşyklaryny ýola goýmagy maksat edinýän telekeçiler, eksportçylar, öndürijiler, daşary ýurt kompaniýalary üçin ýeke-täk çeşmedir. Bu platformada içerki we daşarky bazarlar üçin önüm öndürýän hem-de GS1 Turkmenistan-yň agzasy bolan türkmen öndürijileri maglumat ýerleşdirip bilerler. “GS1 Turkmenistan” ştrih-kodlary boýunça Türkmenistanyň Milli guramasy tarapyndan işlenip düzülen täze internet çeşmesiniň tanyşdyrylyşy we işe girizilişi “TurkmenTel – 2023” halkara forumynyň çäklerinde boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir