Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Karara gol çekdi. Degişli kararyň taslamasyny wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisiniň barşynda hödürledi. Wise-premýer döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Bu Karar Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynda professor-mugallymlar, diňleýjiler hem-de talyplar üçin döredilen döwrebap şertlere laýyklykda, okuw we edara ediş işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, degişli ministrlikleriň teklipleri göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu möhüm resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir