Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 25-si Polşa Respublikasynda geçirilen Halkara toparlaýyn matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, 8 altyn, 11 kümüş we 6 bürünç medallara mynasyp boldular. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi. Polşa Respublikasynda geçirilen bu abraýly aň-paýhas bäsleşigine Türkmenistanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Awstriýa Respublikasynyň, Sloweniýa Respublikasynyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň 30-synyň köpsanly wekilleri gatnaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir