Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň aýry-aýry ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň arasynda Halkara internet olimpiadalarynyň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi. Hususan-da, Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ekologiýa dersi boýunça II açyk Halkara internet olimpiadasyny, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Biologiýa dersi boýunça II Halkara internet olimpiadasyny, Türkmen oba hojalyk institutynyň Inžener we kompýuter grafikasy boýunça II Halkara Internet bäsleşigini, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Rus dili dersi boýunça Halkara Internet olimpiadasyny, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda III açyk halkara fizika internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Halkara olimpiadalaryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir