2024-nji ýylyň mart aýynyň üçünji ongünlüginde Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi. Bellenilişi ýaly, halkara matematika olimpiadasyna gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlaryň Arkadag şäheriniň hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär. Halkara olimpiadalaryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir