Hytaýyň Xiaomi korporasiýasy özüniň seriýaly elektromobilini taýýarlaýar. Taslama eýýäm HHR-iň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligine tabşyryldy diýip, daryo.uz habar berýär. Elektronika öndürijisi Beijing Automotive Group (BAIC) bilen bilelikde SU7 modelini çykarmagy göz öňünde tutýar. Elektromobiliň agramy 2 655 kg bolar. Ol tizligini sagatda 265 km çenli artdyryp biler. Awtoulag bir hereketlendiriji we Contemporari Amperex Technology kompaniýasynyň akkumulýatory bilen ýa-da iki hereketlendiriji we BYD-yň batereýasy bilen hödürlener. Deslapky maglumatlara görä, önümçilik eýýäm şu ýylyň dekabr aýynda başlar. SU7 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda satuwa çykarylmaly.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir