Halkara Futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) oýunçylar üçin eminleriň kararlaryna närazylyk bildirilendigi üçin 10 minutlyk oýundan çykarmak düzgünini girizmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada “The Times” gazeti habar berýär diýip, TASS belleýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, bu düzgün professional ligalarda synagdan geçirilip bilner we eminleriň hereketi bilen ylalaşmaýan oýunçylara degişlilikde ulanylar. Habar berlişi ýaly, IFAB regbi tejribesinden peýdalanmagy meýilleşdirýär, bu ýerde eminiň çözgüdine närazylyk bolan ýagdaýynda diňe toparyň kapitany onuň bilen gürleşip bilýär. Emin bilen jedel eden ýagdaýynda oýunçyny 10 minutlyk oýundan çykarmak çäresi Angliýanyň ýetginjekler ligalarynda ulanylýar. Uly toparlaryň arasynda geçirilýän ýurduň çempionatynda oýunçylar jürlewükden soň eminiň ýanynda iki ýa-da ondan köp adam bolsa, duýduryş alyp bilerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir