Generatiw AI-niň (emeli aňyň) gurallary barha meşhurlyk gazanýar we giňden ulanylýar. Iň soňky maglumatlara görä, iň gowy 50 sany AI gurallaryna ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda jemi 24 milliard gezek ýüzlenilipdir. Bu ugurda aňrybaş öňdebaryjy OpenAI-yň ChatGPT-sidir, bu döwürde onuň kömegine 14,6 milliard gezek ýüzlenilipdir we AI gurallaryny ulanmagyň 60% -den gowragy şoňa degişlidir. Orta hasap bilen, ulanyjylar her aý takmynan 1,5 milliard gezek ChatGPT-e girdiler. Ulanylyş sany boýunça ikinji ýerde Character AI çat-boty durýar, ol 10 aýda 3,8 milliard gezek ulanylypdyr, üçünji ýerde 1,1 milliard gezek ulanylan QuillBot AI çat-boty durýar. 241,6 million gezek ýüzlenilen Google’s Bard AI-niň iň köp ulanylýan gurallarynyň arasynda ilkinji onluga girdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir