«Öýde ýeke özi» filminiň ýyldyzy Makoleý Kalkin Golliwudyň Şöhrat bagýodasynda şahsy ýyldyzynyň eýesi bolar. Ýadygärligiň goýluş dabarasy 1-nji dekabrda bolar. Kalkiniň ýyldyzy hasap boýunça 2765-nji bolar. Aktýory goldamak üçin kärdeşleri Ketrin O'Hara we Nataşa Lion geler. Kalkin “Gibraltara raketa” (ilkinji çykyş), “Bak daýy”, “Gyzym”, “Gowy ogul”, “Kakaň bilen nädip baş alyp çykmaly” we ş.m. filmlerindäki keşpleri bilen hem tanalýar. Ýakynda ol “Amerikanyň gorkunç hekaýatlary” filmlerinde we “Entergalaktik” multserialynda peýda boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir