Madridiň “Realynyň” angliýaly ýarym goragçysy Jud Bellingem “Tuttosport” italýan neşiri tarapyndan möwsümiň jemi boýunça iň gowy ýaş futbolça berilýän “Golden Boy” baýragyna mynasyp boldy. Bu barada neşiriň resmi saýtyna salgylanyp, championat.com habar berýär. “Altyn Jud. Golden Boy 2023 baýragynda iň gowy futbolçynyň Jud Bellingem bolandygy düşnüklidir. Haçan-da Ýewropanyň iň abraýly gazetlerinden 50 sany görnükli žurnalistden ybarat halkara emin agzalary 20 ýaşly futbolça mümkin bolan 500 baldan 485 bal berende, telpegiňi çykaraýmak galýar. Uly üstünlik. Dogry 97% ses. Mbappe hem Golden Boy 2017 baýragynyň ýeňijisi bolanda, şeýle göterim alypdy (300-den 291 ses, ýöne şol wagt emin agzalary 50 däl-de, 30 adamdan ybaratdy). “Madridlileriň prezidenti Florentino Peresiň oýunçyny “Bernabeuwa” çagyrmak üçin tomusda 103 mln ýewro (bonus hökmünde ýene 35 mln ýewro) tölän nemes kluby Dortmundyň “Borussiýasynyň” öňki ýyldyzyny gutlaýarys” – diýlip, beýanda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir