Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasynyň Demirgazyk Amerikadaky bölümçesi we Redwood Materials Inc. amerikan kompaniýasy 2022-nji ýylda Toyota-nyň gibrid we doly elektrikleşdirilen awtomobilleriniň akkumulýatorlaryny gaýtadan işlemek barada gazanylan şertnamany giňeltdi. Bu barada bölümçäniň metbugat relizine salgylanyp, interfax.ru habar berýär. Täze şertnamanyň parametrleri aýan edilmeýär. Diňe Redwood-yň Toyota kompaniýasyny Demirgazyk Karolinadaky zawodynda täze akkumulýatorlaryň önümçiliginde ulanyljak anodlar üçin gaýtadan işlenen katod-işjeň materiallar we mis folga bilen üpjün etjekdigi belli. Toyota bu zawody 2025-nji ýylda işe girizmegi meýilleşdirýär. Taslama maýa goýumlar, takmynan, 14 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Ýapon kompaniýasy 2035-nji ýyla çenli global amallarynyň, 2050-nji ýyla çenli awtomobilleriniň uglerod bitaraplygyny üpjün etmegi maksat edinýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir