Emeli intellektli ChatGPT çat-botuna eýeçilik edýän OpenAl kompaniýasynyň baş direktory Sem Altman öz wezipesinden çekiler we müdirler geňeşini terk eder. Bu barada rbc.ru habar berýär. Altmany işden aýyrmak baradaky karar müdirler geňeşi onuň “wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek ukybyny çäklendirýän geňeş bilen aragatnaşygynda hemişe aç-açan bolmandygy” baradaky netijä gelenden soň kabul edildi. “Geňeşiň indi onuň OpenAl-a ýolbaşçylyk etmek ukybyna ynamy ýok” – diýlip, beýanda aýdylýar. Baş direktoryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji kompaniýanyň tehniki müdiri Mira Murati bolar. Altmany işden çykarmak baradaky karar işgärler üçin hem duýdansyz boldy, olar bu barada müdirler geňeşiniň beýany neşir edilenden soň bildiler diýip, “The Verge” çeşmelere salgylanyp habar berýär. “The Verge” Altmany OpenAl-yň ýüzi diýip hasaplaýar. Ol kompaniýany 2015-nji ýylda telekeçi Ilon Mask bilen bilelikde işe girizdi. Üç ýyldan soň Mask OpenAl-yň müdirler geňeşinden gitdi we xAl ady bilen emeli intellekt pudagynda işleýän hususy kompaniýasyny döretdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir