Türkiýede täze milli awtomobil brendi Very peýda bolar, kompaniýa 2025-nji ýylda köpçülikleýin elektrokar önümçiligine başlar. Bu barada “Dünya” türk gazeti habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär. Very brendi bilen L7 derejeli elektrokar hatary (agyr kwadrisikller) çykarylar. Elektrokar Ýyldyz tehniki uniwersiteti tarapyndan işlenip taýýarlanan özboluşly gurluşa, şeýle-de öz işläp taýýarlan hereketlendirijisine we batareýasyna eýe bolar. Elektromobiliň bahasy 25 müň dollar bilen bahalandyrylýar. Elektrokary işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, elektrokaryň batareýasynyň iň ýokary sygymy 33 kilowatt-sagada, bir zarýad bilen ýol ätiýajy, takmynan, 300 km barabar bolar. Awtoulaglary çykaryjy zawody Bursa welaýatynyň Gemlik şäherinde gurmak meýilleşdirilýär. Birinji tapgyrda ýylda 10 müňe çenli Very elektromobilini çykarmak we olary Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň hem Demirgazyk Afrikanyň ýurtlaryna ibermek meýilleşdirilýär. Ilkinji milli türk awtobrendi TOGG bolupdy. Elektrokar 2022-nji ýylyň ahyrynda önümçilige goýberildi, 2023-nji ýylyň ýazynda satuwa çykaryldy. TOGG awtoulaglarynyň bahasy 48,5 müň dollardan 63,9 müň dollara çenli aralykda üýtgeýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir