2023-nji ýylyň oktýabr aýynda dünýäniň awtoulag bazarynda täze awtomobilleriň satuwy 10,7% ýokarlandy. Bu barada LMC Automotive konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Awtostat” habar berýär. Tomsuň soňky aýynda jemi 7 mln 806 müň awtoulag satyldy. Oktýabr aýynda satuw boýunça birinji orny 2 mln 766 müň awtomobil bilen Hytaý (2022-nji ýyldaky görkezijä +10,7%) eýeleýär. Ikinji orunda ABŞ ýerleşýär, bu ýerde 1 mln 205 müň awtomobil satyldy, bu bir ýyl ozalkydan 2,2% köpdür. Oktýabr aýynda Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň awtomobil bazarlary 1 mln 064 müň awtoulag boldy (+13,3%). Gündogar Ýewropanyň ýurtlarynda awtomobil satuwy 49,3% ýokarlanyp, 352,8 müň birlik boldy. Günorta Amerikada ýerli dilerler 246,4 müň awtomobil satdylar, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 24% köpdür. Dünýäniň iň uly awtoulag bazarlarynyň arasynda Ýaponiýany (394,8 müň birlik, +10,4%), Kanadany (151 müň birlik, +17,8%) we Koreýany (138,6 müň birlik, -2,1%) hem bellemek gerek. 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan oktýabr aýy aralygynda dünýäniň awtoulag bazarynda 73 mln 472 awtoulag satyldy (2022-nji ýylyň görkezijisine +10,4%).

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir