Transfermarkt internet portaly Telegram kanalynda milli toparlaryň arasynda iň gymmat düzümleriň reýtingini ýerleşdirdi. Ilkinji onlukda birinji orny Angliýanyň milli ýygyndysy eýeledi – onuň düzüminiň bahasy 1,29 mlrd ýewro bilen bahalandyrylýar diýip, championat.com belleýär. Ikinji orny Fransiýanyň milli topary eýeledi – onuň düzümi 1,14 mlrd ýewro barabar. Liderleriň üçlügini Braziliýanyň milli topary jemledi – onuň düzüminiň bahasy 1,04 mlrd ýewro. Milli toparlaryň arasynda iň gymmat düzümleriň ilkinji onlugy: Angliýanyň milli ýygyndysy (1,29 mlrd ýewro); Fransiýanyň milli ýygyndysy (1,14 mlrd ýewro); Braziliýanyň milli ýygyndysy (1,04 mlrd ýewro); Portugaliýanyň milli ýygyndysy (932 mln ýewro); Ispaniýanyň milli ýygyndysy (814 mln ýewro); Argentinanyň milli ýygyndysy (789 mln ýewro); Germaniýanyň milli ýygyndysy (700 mln ýewro); Italiýanyň milli ýygyndysy (611 mln ýewro); Niderlandlaryň milli ýygyndysy (575 mln ýewro); Belgiýanyň milli ýygyndysy (494 mln ýewro).

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir