ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ýurda sapar bilen gelen Hytaýyň Başlygy Si Szinpine günortanlyk nahar wagtynda palaw hem-de badamly süýji nan hödür etdi diýip, Hytaýyň döwlet telewideniýesine salgylanýan «Report.az» habar berdi. Szinpine şeýle-de gowrulan jüýje we italýan böregi hödür edildi. Içmek üçin saçaga üzüm şerbeti äberildi. Düýn San-Fransiskonyň 40 kilometrlik günortasyndaky Filoli mülk ýerinde Si Szinpin bilen Jo Baýdeniň duşuşygy boldy. Olar häzirki zaman halkara gün tertibiniň meselelerini hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.