Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýurduň ilatynyň 20 million adama ýetendigini habar berdi. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar. Tokaýew öz watandaşlaryny bu möhüm waka bilen gutlap, bagtly maşgalanyň milletiň abadançylygynyň özenidigini nygtady. Gazagystanyň Prezidenti şeýle-de döwletiň maşgala gymmatlyklaryny pugtalandyrmak, eneligi we çagalygy goramak boýunça işleri dowam etjekdigini belledi. Gazagystanyň Strategiki meýilnamalaşdyryş we özgertmeler boýunça agentliginiň maglumatlaryna laýyklykda, ýurduň 20 millionynjy raýatlary 14-nji noýabrda irden dünýä inen üç oglan we iki gyz bäbek boldy.