2050-nji ýylda Merkezi Aziýanyň ilaty 100 milliondan geçer diýip, Birleşen Milletler Guramasy çaklaýar. Bilermenleriň pikiriçe, ilatyň artmagy ykdysadyýetiň ösüşine ýardam eder. Emma şol bir halatda Ýewropa we Aziýanyň käbir ýurtlary ilatyň garramagy bilen ýüzbe-ýüz boldular diýip, «Habar 24» ýazýar. Häzirki wagtda sebitiň iň köp ilatly ýurdy Özbegistan bolup durýar. Ondan soňra Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan we Türkmenistan gelýär. Ýaponiýanyň we Hytaýyň ilaty garraýar. Ýewropanyň ýurtlarynyň käbirinde-de ýagdaý şunuň ýalydyr. Hünärmenleriň pikiriçe, ilatyň garramagynyň ykdysadyýete ýaramaz täsiri bar. Ilkinji nobatda, önümçiligiň esasy şerti bolan işçi güýji kemelýär. Ine, golaýda ilat sany babatda Hytaýyň yzyndan ýeten Hindistany welin, iň ýaş ilatly ýurt diýip hasaplaýarlar. Hindileriň tas ýarpy bölegine golaýynyň heniz 25 ýaşy hem dolanok, ilatyň diňe 7 göterimi 65 ýaşdan ýokary. Ýaşlaryň köp bolmagy döwletiň ykdysady ösüşi üçin bähbitli, emma olary iş bilen üpjün etmek üçin hem maýa goýmak gerek diýip, hünärmenler belleýärler.