Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri Halid Al Falih bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirdi diýip, TDH habar berdi. Taraplar duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iýul aýynda Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere garadylar. Halid Al Falih özüniň Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň saud böleginiň ýolbaşçysy edilip bellenilendigini mälim etdi. Şunuň bilen birlikde, ol ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmegiň esasy gurallarynyň biri hökmünde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň 7-nji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belläp geçdi. Saud tarapy türkmen tarapyny şu ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem şol forumyň yzysüre hökümetara toparyň nobatdaky 7-nji mejlisini geçirmegi teklip etdi. Duşuşykda ýakyn wagtda saud wekiliýetiniň Türkmenistana sapar bilen iberilmeginiň meýilleşdirilýändigi hem mälim edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir