Amerikaly wäşi we teleýaýlymda «Jimmi Kimmel göni ýaýlymda» atly öz hususy şowhunyny alyp baryjy «Oskar» kinobaýragynyň 96-nji gezek gowşurylyş dabarasyny alyp barar. Bu barada Amerikanyň kino akademiýasyna salgylanýan «The Guardian» neşiri habar berdi diýip, «Mail.ru» ýazýar. Kimmel öň hem bu dabaranyň 2017, 2018 we 2023-nji ýyllarda alyp baryjysy bolupdy. Dabaranyň ýerine ýetiriji prodýuserleri Raj Kapur we Keti Mallan Kimmeliň «Oskar» kinobaýragynyň gowşurylyş dabarasyny iň oňat alyp baryjylaryň biri hökmünde özüni tanadandygyny habarçylara gürrüň berdiler. Onuň şowhuny alyp barşynda adamkärçiligi we degişgenligi tomaşaçylary özüne çekýär diýip, olar nygtadylar. Amerikanyň Kinematografiýa sungatlary we ylmy akademiýasynyň hasabatyna görä, Jimmi Kimmel soňky gezek baýragyň gowşurylyş dabarasyny alyp baranda, şowhuna rekord derejedäki 18,7 million adam tomaşa edipdir. 96-njy «Oskar» dabarasy ABC teleýaýlymynda 2024-nji ýylyň 10-njy martynda göni ýaýlymda görkeziler. Dabara Los-Anjelesdäki «Dolbi» teatrynda geçer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir