Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň şu günler Meksikanyň Gwadalahara şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky (U-20) dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy. Türgenleriň sanawy Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) resmi saýtynda çap edildi. Dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda Anamjan Rustamowa (81 kilograma çenli agram derejede) hem-de Gülälek Kakamyradowa (64 kilograma çenli agram derejede) Türkmenistana wekilçilik eder. Erkekleriň arasynda bolsa Perhat Bagtyýarow (67 kilograma çenli agram derejede), Gaýgysyz Töräýew (81 kilograma çenli agram derejede), Resul Rejepow (89 kilograma çenli agram derejede) hem-de Şahzadbek Mätýakubow (96 kilograma çenli agram derejede) Türkmenistanyň adyndan çykyş ederler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir