Türkmenistanda 1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanyna Arkadag şäheriniň, Gökdepe etrabynyň we Aşgabadyň dolandyryş çägi, onuň ugurlaryny görkezýän çyzgylar hem-de degişli ýer bölekleri hakynda giňişleýin maglumat berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow görkezilen şekil taslamalary we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. 2. Şu gün Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisiniň dabaraly açylyşy boldy. Giň gerimli sergide Eýran Yslam Respublikasynyň 100-e golaý kompaniýasynyň önümleri we hyzmatlary barada umumy maglumatlar berilýär. Sergä Eýranyň nebit we gaz, gurluşyk we ulag ulgamlary, awtoulag öndürmek senagaty, gämi gurluşygy ýaly pudaklary boýunça iri önüm öndürijileri öz pawilýonlary bilen gatnaşýarlar. Gözden geçirilişe Eýranyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklaryndan biri bolan awtoulag önümçilik pudagyna bu ýurduň öňdebaryjy awtoulag öndürijisi «Iran Hodro Industrial» (IKCO) wekilçilik edýär. 3. Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Osaka şäherinde geçirilen EKSPO-2025 Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň duşuşygyna gatnaşdy. milli pawilionyň gurluşygy üçin ýer bölüp bermek dabarasy barada aýratyn durlup geçildi. 2023-nji ýylyň 16-njy noýabry ýer böleginiň resmi taýdan Türkmenistana tabşyrylan güni boldy. Türkmenistan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisine gatnaşýan daşary ýurtlaryň arasynda ýer bölegini alan ilkinji döwlet boldy. 4. Türkmenistanda Bütindünýä diabetlik gününe bagyşlanan ylmy we amaly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler diabet keseliniň dünýädäki merkezi we iň möhüm lukmançylyk hem-de jemgyýetçilik meseleleriniň biridigini, bu keseli giç anyklamagyň çynlakaý kynçylyklara sebäp bolýandygyny bellediler. 5. Maryda Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň ýaşlar forumy işini dowam etdirýär. Forumyň şu günki bölümlerinde ýaşlar bilen baglanyşykly häzirki döwrüň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň biri-de Merkezi Aziýada we Hytaýda ýaşlar syýasatyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy. Bu giň gerimli çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna ynanyldy. Dünýäde 6. Ispaniýanyň Adalat ministrligi maşgalalara öý jogapkärçiligini adalatly paýlaşmak üçin programmny ýola goýdy. Bu programma aýal-gyzlara we öý işlerine näçe wagt sarp edýändiklerini yzarlamaga we deňeşdirmäge mümkinçilik berýär. 7. “Ýeke özi öýde” filminde Kewin Makkallisteriň keşbi bilen meşhurlyk gazanan aktýor Makoleý Kalkin Golliwudyň meşhur ýerindäki şahsy ýyldyzyny alar. Kalkin aktýorçylyk karýerasyna 4 ýaşynda başlap, 30-dan gowrak filmde surata düşdi. Sport täzelikleri 8. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň şu günler Meksikanyň Gwadalahara şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky (U-20) dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy. Dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda Anamjan Rustamowa hem-de Gülälek Kakamyradowa Türkmenistana wekilçilik eder. Erkekleriň arasynda bolsa Perhat Bagtyýarow, Gaýgysyz Töräýew, Resul Rejepow hem-de Şahzadbek Mätýakubow Türkmenistanyň adyndan çykyş ederler. 9. 23-28-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Kuraş boýunça 14-nji Dünýä çempionatynda rekord derejede gatnaşyjylaryň bolmagyna garaşylýar. Geçen ýyl Hindistanyň Pune şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 365 adam gatnaşan bolsa, 53 ýurtdan 480 adam öňümizdäki dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin ýüz tutdy. Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda 15 toplum medal üçin — ýedi erkek we sekiz zenan türgen dürli agram kategoriýasynda bäsleşer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir