20 — 24-nji noýabr aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň ýörite Maksatnamasynyň (SPECA) günleri geçiriler. Çäre Azerbaýjanyň bu Maksatnama başlyklyk etmeginiň çäginde geçiriler diýip, «Report.az» habar berýär. Mälim bolşy ýaly, Häzirki wagtda SPECA-nyň gatnaşýan döwletleriň hatarynda Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan bar. SPECA günleriniň çäginde 21— 22-nji noýabrda Bakuwda «SPECA sebitini global aragatnaşygyň merkezine öwürmek» atly ykdysady forum geçiriler. Forum Ýewropa bilen Hytaýyň arasyndaky Hazarüsti halkara ulag ýolunda täze kynçylyklaryň öňünde ulag baglanyşyklarynyň ornuny pugtalandyrmaga bagyşlanýar. Bu söwda we ulag ýoly boýunça taslamalara sanly üýtgeşmeleriň we resminamalaryň alyş-çalşynyň potensial goşandyny alamatlandyrýar. Forumyň bilermenler derejesindäki duşuşyk hökmünde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu maslahat ara alyp maslahatlaşmalaryň, SPECA sebitinde söwda, sanlylaşdyrma, energetika we üstaşyr geçmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça täze pikirleri hem-de başlangyçlary düzmek arkaly maglumat alyşmaga mümkinçilik döreder. Forumyň netijesinde, gatnaşyjylar degişli Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek bilen bir hatarda, SPECA sebitini dünýä derejesinde gowy baglanyşykda we durnukly söwda we ulag merkezine öwürmek barada birnäçe netijäni we bilermenler derejesindäki teklipleri taýýarlamaga kömek ederler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir