Kanadaly we braziliýaly alymlar gülki adamyň saglygyna köptaraplaýyn oňyn täsir edýär diýen netije geldiler diýip, «Plos One» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar. Olar ylmy barlaglaryň barşynda gülküniň stresi aýyrýandygyny anykladylar. Gülki adamyň psihiki-emosional ýagdaýyna gowy täsir etmek bilen, damarlary we ýürek myşsalaryny berkidýär, ýürek keselleriniň öňüni alýar. Alymlar gülşüp-degişmegiň gysga we uzakmöhletleýin täsirini aýrylykda kesgitlediler. Birinji topara gülki wagtynda howanyň işjeň ulanylmagy netijesinde, beden agzalarynyň işiniň kadalaşmagy, endorfiniň bölünip çykarylyşy we dartgynlylygyň gowşamagy degişli edildi. Ikinji topara boşan neýropeptidleriň hasabyna emosional ulgamyň berkemegi, agyrynyň gowşamagy we sosial gatnaşyklaryň gowulaşmagy girdi.