Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Ion Nawal bilen duşuşdy. Duşuşykda Mejlisiň başlygy Rumyniýanyň mejlisiniň Türkmenistan bilen Parlament dostluk toparyny türkmen paýtagtyna gelip görmäge çagyrdy. Rumyniýanyň ilçisi çakylyk üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygyna minnetdarlyk bildirdi we rumyn parlamentarileriniň bu çakylygy hormat bilen kabul etjekdigine ynandyrdy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary güýçlendirmek maksady bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de iki döwletiň hem ähli derejelerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we giňeltmek meýilleri nygtaldy. Mundan başga-da, duşuşykda halkara guramalaryň çäginde türkmen-rumyn parlamentara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi bellendi we geljekde bu gatnaşyklary dowam etdirmek islegi beýan edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir