16 — 18-nji noýabr aralygynda Dagystan Respublikasynda birinji «Hazar sanly forumy» geçirilýär. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. Bu barada TASS habar berdi. Forumyň esasy temasy «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesine gatnaşyjy döwletler üçin sanly hyzmatlaryň ösdürilmegi bilen bagly bolup, oňa Hazar sebitiniň döwletleriniň ýöriteleşen hünärmenleri, döwlet edaralarynyň işgärleri gatnaşýarlar. Hususan-da, forum Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Eýrandan, Özbegistandan wekilleriň 600 töweregini bir ýere jemledi. Forumyň dowamynda gatnaşyjy döwletleriň wekilleri kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ösdürmek, sanlylaşdyrma taslamalarynyň üstünlikli integrasiýasy üçin tehnologiki we tehniki mümkinçilikleri üpjün etmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.