Ozal habar berşimiz ýaly, 16-18-nji noýabr aralygynda Dagystan Respublikasynda birinji «Hazar sanly forumy» geçirilýär. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. Forumyň dowamynda Dagystan Respublikasynyň Sanly ösüş ministrligi tarapyndan Hazar sebitiniň ýurtlary we «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesine girýän döwletler bilen elektron gollaryň özara ykrar edilmegi baradaky teklip öňe sürler. Bu barada Dagystan Respublikasynyň sanly ösüş ministri Ýuriý Gamzatowyň sözlerine salgylanyp, TASS habar berýär. «Heniz rus we daşary ýurt kompaniýalary elektron gollary özara ykrar etmeýärler. Biz kagyz resminamalarynyň akymyndan sanly ulgama geçmegiň wagty geldi diýip hasaplaýarys. Forumda Hazar sebitiniň ýurtlary bilen «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesine girýän döwletleriň arasynda elektron gollary ykrar etmekde ylalaşyk gazanmak baradaky teklip bilen çykyş ederis» diýip, ministr belleýär. Ýeri gelende bellesek, birinji «Hazar sanly forumyna» Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Eýrandan we Özbegistandan wekilleriň 600 töweregi gatnaşýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir