Merkezi Aziýa ýurtlary sebitleýin irki duýduryş ulgamyny döretmek we serhetaşa adatdan daşary ýagdaýlaryň howpy hem-de ýüze çykmagy barada özara maglumat bermek we ilat onuň elýeterliligini üpjün etmek meselesinde BMG-niň Baş sekretaryna ýüz tutdy. Bu ýüztutma Almaty şäherinde geçirilen sebitiň ýurtlarynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky Sebit forumynda ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de tassyklandy. Täjigistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça komitetiniň habar bermegine görä, foruma Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri, BMG-niň agentlikleriniň, dürli halkara we beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynda serhetaşa howplaryň sanly atlasyny döretmek başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy. Forum maglumat we tejribe alyşmaga, sebitdäki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmaga we howanyň üýtgemeginiň täsirleriniň artýan döwründe ykdysady hem-de jemgyýetçilik ösüşine çynlakaý howp döredýän esasy kynçylyklary kesgitlemäge bagyşlanyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir