Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen gepleşikleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ministrler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşdylar. Şol bir wagtda, döwletara görnüşde, şeýle hem halkara we sebit düzümleriň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň depginli häsiýeti tassyklanyldy. Ministrler ýokary derejedäki gepleşikleriň we duşuşyklaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly möhüm meselelere aýratyn üns çekdiler. Taraplar şeýle hem meýilleşdirilýän duşuşyklaryň we çäreleriň tertibini deňeşdirdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir