Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem geljekki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. R.Meredow iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasyndaky birek-birege ynanyşmak dialogyna esaslanýan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň çalt depginde ösýändigini belledi. Ministrler nebit-gaz we himiýa pudaklaryndaky, elektroenergetikada, ulag-aragatnaşyk we bank ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.