17-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmen wekilýetine Toparyň türkmen tarapyndan başlygy — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk edýär, eýran wekilýeti Toparyň eýran tarapyndan başlygy – Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda gatnaşýar. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň birinji gününiň maksatnamasyna söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlarynda, ulag, logistika, senagat, oba we suw hojalyk, maýa goýum, standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri girizildi. Şeýle-de Hökümetara toparyň 16-njy mejlisiniň çözgütleriniň amala aşyrylyşynyň gidişi seljerildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi öz işini 18-nji noýabrda dowam eder diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir