Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, ministr wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ol Eýranda Türkmenistan bilen umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, EYR-nyň döwlet ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. — Goňşy ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Döwlet Baştutany eýranly ministre, EYR-nyň wekiliýetiniň agzalaryna Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň, şeýle hem türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen serginiň we işewürler maslahatynyň ähmiýeti barada aýdyp, bu çäreleriň iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini nygtady. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň döwletara gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigini nygtadylar. Şunda Eýranyň Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýändigi bellenildi. Duşuşykda ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk ulgamlary, oba hojalygy özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşýändigi bellenilip, bilelikdäki hökümetara toparyň orny nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.