Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, goňşy döwletiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmen döwletiniň Baştutany Özbegistanyň wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. — Özbegistan Respublikasy Türkmenistanyň ýakyn goňşusydyr we strategik hyzmatdaşydyr. Biz dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen, hemişe asyrlaryň dowamynda emele gelen dost-doganlyk hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýarys — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Söhbetdeşler iki doganlyk döwletiň Baştutanlarynyň arasynda emele gelen ynamyň hem-de özara düşünişmegiň derejesine ýokary baha berip, yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň hemişe hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berýändigini nygtadylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin ýakynda Daşkent şäherine amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Duşuşygyň barşynda köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigi, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösüş depginini görkezýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle-de ýangyç-energetika, ulag-logistika we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň işjeň giňeldilýändigi, iki ýurduň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Söhetdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekip, taraplaryň geljekde hem ylym-bilim alyşmalaryny, konsertleri, sergileri we iki halkyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýän beýleki medeni çäreleriň geçirilmegini dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow birek-birege berk jan saglyk, işlerinde üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir