Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky­ Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew 28-30-njy noýabr günlerinde meýilleşdirilen «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergä taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Hasabatda bellenilişi ýaly, gözden geçirilişe azyk we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaplamak, saklamak, gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan kompaniýalar gatnaşar. Olar tehnologik enjamlaryny, gaplama serişdelerini, şeýle hem bagçylyk, guşçulyk, maldarçylyk, tohumçylyk we beýleki ugurlarda ylmyň gazananlaryny, häzirki zaman tehnologiýalaryny görkezerler. Serginiň çäklerinde tejribe alyşmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer B.Atdaýewe azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalary bilen tanyşdyrýan «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir