BMG-niň «Bütindünýä durnukly ulag güni» Kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli, şu ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de sergini geçirmek meýilleşdirilýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew bu halkara çärelere görülýän taýýarlyk barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, utgaşykly görnüşde geçiriljek foruma BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, ulag ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleriniň we beýlekileriň gatnaşmagyna garaşylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini, bu babatda birnäçe başlangyçlary öňe sürýändigini nygtady. Döwlet Baştutany agentligiň ýolbaşçysyna Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Aşgabatda guraljak «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahaty ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir