Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň we Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň guramagynda geçirilen çärä türkmen wekiliýetiniň agzalary hem gatnaşdylar. Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň binasynda ýaýbaňlandyrylan maslahat birnäçe bölümleri öz içine aldy. Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň Magtymguly Pyragy barada surata düşüren «Hakyň guly — Magtymguly» atly çeper filmiň görkezilmegi çärä özboluşly badalga berdi. Soňra halkara ylmy maslahat geçirilip, onuň barşynda, ilki bilen, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Isa Habibeýli we Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow giriş sözi bilen çykyş etdiler. Maslahat türkmen we azerbaýjan alymlarynyň Magtymguly Pyragynyň ömri hem-de döredijiligi, onuň eserleriniň umumadamzat derejesindäki ähmiýeti baradaky çykyşlary bilen dowam etdi. Hususan-da, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň baş direktory Teýmur Kärimliniň, şol akademiýanyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň türki halklaryň edebiýaty bölüminiň müdiri Mämmed Aliýewiň, Baku döwlet uniwersitetiniň türkologiýa barlaglary ylmy-gözleg barlaghanasynyň müdiri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Ramiz Äskäriň çykyşlarynda söz ussadynyň çeper-filosofik eserleriniň Azerbaýjanda çap edilişine, öwrenilişine, şahyryň goşgularynyň many-mazmunyna, terbiýeçilik ähmiýetine seljerme berildi. Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň çykyşlary hem bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Olar Magtymguly Pyragy we onuň eserleri baradaky täze maglumatlary, ylmy pikirleri maslahata gatnaşanlara ýetirdiler. Hususan-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň filologiýa we hukuk ylymlary bölüminiň müdiri Göwher Geldiýewa, şol akademiýanyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Gözel Allakowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri Amannepes Şyhnepesow ýaly alymlar Magtymgulynyň filosofik garaýyşlarynyň beýany, onuň ömür ýoly, eserleriniň dünýä dillerine terjime edilişi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny Türkmenistanda we dünýäde uludan toýlamak boýunça alnyp barylýan işler hakda gürrüň berdiler. Halkara ylmy maslahatyň ahyrynda azerbaýjan dilinde neşir edilen «Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy. Ramiz Äskäriň terjime etmegindäki bu kitap ylmy maslahata gatnaşan türkmen wekiliýetiniň agzalaryna sowgat berildi.