17-nji noýabrda Minskde Ylym we tehnologiýa pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça belarus-türkmen toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Mejlis Belarus Respublikasynyň Döwlet ylym we tehnologiýa komitetinde guraldy. Minskdäki türkmen ilçihanasynyň habaryna görä, iki ýurduň ylmy we tehnologik merkezlerinde gepleşikleri güýçlendirmek meselesi duşuşygyň gün tertibinden orun aldy. Taraplar Belarusda we Türkmenistanda ylym, tehnologiýa we innowasiýa ösüşiniň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar, döwletara derejede ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň geljegi uly mowzuklary we ylmy hem-de maglumat alyş-çalyş mümkinçiliklerini açmaga kömek etjek beýleki çäreler boýunça bilelikdäki ylmy, tehniki, barlag taslamalaryny guramagy goldap çykyş etdiler. Gepleşikleriň netijesinde mejlisiň teswirnamalary ylalaşyldy we gol çekildi diýip, çeşme belleýär. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti täze materiallar himiýasy institutyna, Belarus Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň geofiziki gözegçilik merkezine we onuň hemişelik «Ylmyň gazananlaryny — önümçilige» sergisine, şeýle hem Belarusyň milli tehniki uniwersitetine we Belarus döwlet informatika we radio elektronika uniwersitetine baryp gördi. Bu edaralaryň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.