Gyrgyzystan häzirki wagtda Türkmenbaşy portuny hem öz içine alýan taslamany işläp taýýarlaýar. Muny Gyrgyzystanyň ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Yrysbek Bariýew mälim etdi diýip, «Report.az» ýazýar. «Gyrgyzystan häzirki wagtda Orta Geçelgäni şahalara bölmegiň üstünde işleýär. Taslama Gyrgyzystany, Özbegistany, Türkmenistany, Türkmenbaşy portuny, Azerbaýjanyň portuny, Türkiýäni, Ýewropany we Astrahan sebitiniň portuny öz içine alýar» diýip, Y.Bariýew belleýär. Şeýle hem ol Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýol aragatnaşygynyň ösmeginiň Orta Geçelgäniň mümkinçiliklerini artdyrmaga goşant goşýandygyny nygtaýar. Onuň sözlerine görä, agzalan demir ýol geçelgesi Günorta-Gündogar we Günbatar Aziýanyň, şeýle hem Ýakyn Gündogaryň ýurtlarynyň bazarlaryna çykmagy üpjün edip, Aziýadaky kontinental köpriniň günorta şahasyna öwrüler. «Bu ugur Hytaýdan gelýän harytlaryň Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogara, Türkiýä we ondan aňryk Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryna iberilmegini üpjün edip biler» diýip, ministriň orunbasary aýdýar. Ministriň orunbasary bu taslamanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ýollaryny diwersifikasiýa etmek we sebitleriň halkara ulag üstaşyr merkezi hökmünde bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak maksadyna laýyk gelýän sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir