Häzirki Eýran senenama ýylynyň ilkinji ýedi aýynda Eýran Türkmenistana 251,134 million dollarlyk nebitden daşary haryt eksport etdi. Muny Eýranyň Söwda, senagat we dag-magdan senagaty palatasynyň Daşary aragatnaşyklar we söwda ösüş komitetiniň wekili Ruholla Latifiniň sözlerine salgylanyp, «Trend.az» habar berýär. Şeýle hem, ol Eýranyň şol döwürde Türkmenistandan 21,261 million dollarlyk harydyň satyn alandygyny, munuň bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 24 göterim ýokarydygyny aýtdy. Mart aýynyň başynda Eýranyň we Türkmenistanyň gümrük gulluklarynyň duşuşygynda özara gümrük gatnaşyklaryny berkitmegiň zerurdygyna ünsi çekilipdi. Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary bilelikdäki gümrük postuny açmaga gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem gümrük serhedinde hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki serhet gümrük edaralaryny döretmek ýaly birnäçe möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş bilen türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegi ara alyp maslahatlaşandygyny habar beripdik.